«Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda ähli adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Şahyryň eserleri diňe türkmen halkynyň arasynda däl eýsem, beýleki ýurtlarda hem giňden ýaýrap, meşhurlyga eýe bolandygy barada söhbetdeşlige gatnaşyjylar belläp geçdiler.
Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy döwrümiziň nesillerini ýetişdirmekde, olara terbiýe bermekde, ylym öwretmekde, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde we hünäre ugrukdyrmakda hem ýokary ähmiýete eýedigi barada söhbet etdiler.