«Ata Watan arşa galýar Arkadagly Serdar bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Ata Watan arşa galýar Arkadagly Serdar bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipeleriň öňe sürülýändigi, ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda, uly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.