«Magtymgulynyň Pyragy – şygryýetiň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgulynyň Pyragy – şygryýetiň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimize, sungatymyza, mirasymyza, däp-dessurlarymyza, edebiýatymyza uly sarpa goýulýandygy, geçmiş mirasymyzy öwrenmekde ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň gymmatly hazyna bolup durýandygy, şahyryň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olara edep-terbiýe bermekde, olarda ylyma-bilime höwes döretmekde uly ähmiýete eýedigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dürli medeni çäreleriň, dabaralaryň, duşuşyklaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň yzygider bellenilip geçirilýändigini belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bize nusgawy ýazyjy, şahyrlarymyzyň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.