«Wepaly dost – türkmen alabaýy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi


«Wepaly dost – türkmen alabaýy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwerstitetiniň talyplary bilen türkmen alabaýy barada «Wepaly dost – türkmen alabaýy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi barada täsirli gürrüňler edildi. Arassa tohumly türkmen alabaý itleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada hem aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar ýaşlarymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy.

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlige «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.