«Alabaýym — abraýym» atly döredijilik duşuşygy geçirildi


«Alabaýym — abraýym» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Alabaýym — abraýym» ady bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşen Aşgabat söwda merkezinde döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi barada täsirli gürrüňler edildi. Arassa tohumly türkmen alabaý itleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada hem aýratyn nygtaldy. Geçirilen döredijilik duşuşygyna Aşgabat şaheriniň medeniýet müdürliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler şeýle-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Hünärmenler tarapyndan gurnalan kitap sergisi duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.