«Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezledirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çärede türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýandygyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlarynyň döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edendigi, şahyryň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy özüniň beýanyny tapýandygyny, akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdylan şirin owazly aýdymlar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.