«Söz äleminiň şasy» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy


«Söz äleminiň şasy» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Söz äleminiň şasy» ady bilen göçme kitap sergisi guraldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada, dana şahyryň pähim parasatly, öwüt ündewe ýugrulan şygyrlary ýaş nesillere bilim terbiýe bermekde, umumadamzat gymmatlyklaryny, olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.

Şeýle-de şahyryň döredijiliginiň ynsan kalbynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi oýarýandygy, Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edýändigi barada gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun aldy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň aýdyň beýanydyr diýip belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda guralan göçme kitap sergide GahrymanArkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserler, şeýle-de türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleri we goşgulary ýerleşdirildi.