«Arzuwlara ylham çaýýan eserler» ady bilen göçme kitap sergisi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda «Arzuwlara ylham çaýýan eserler» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy, bu kitaplarda asyrlaryň jümmüşindan gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz barada ähli maglumatlaryň jemlenendigi barada bellediler.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki Watana, ene topraga, ata-eneňe, dost-ýaryňa wepaly bolmak, halal zähmet çekmek baradaky ajaýyp jümleleri ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleri esasynda guralan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.