«El hünäri – nesillere milli terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi


«El hünäri – nesillere milli terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda milli el işlerimizi okuwçy gyzlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «El hünäri – nesillere milli terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri höwesjeň okyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplarynda beýan edilýän zenan mertebesi, milli el hünärlerimiziň gadymylygy barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler. Türkmen milli el işleri esasynda gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.