Döwlet çagalar kitaphanasy «Janly tebigatyň täsinlikleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi


Döwlet çagalar kitaphanasy «Janly tebigatyň täsinlikleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 74-nji orta mekdebinde «Janly tebigatyň täsinlikleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri guşlaryň täsin dünýäsi barada okuwçylara gyzykly maglumatlary gürriň berdiler. Zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmekde adamlaryň ilkinji ygtybarly kömekçisi bolan guşlary gorap saklanýandygyny, birnäçe goraghanalaryň hyzmat edýändigini aýdyp berdiler.

Şeýle-de türkmen halkynyň söýgüli şahyrlarynyň, çagalar ýazyjylarynyň guşlar barada ýazan şygyrlaryndan labyzly okap berdiler. Bu söhbetdeşlikde tebigatyň owadan guşlary baradaky guran kitap sergimiz mekdep okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi.