«Arkadagyň eserleri ömrümize nur çaýýar» atly döredijilik duşuşygy geçirildi


«Arkadagyň eserleri ömrümize nur çaýýar» atly döredijilik duşuşygy geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gubannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Arkadagyň eserleri ömrümize nur çaýýar» atly döredijilik duşuşygy geçirildi we göçme kitap sergi gurnaldy.

Çärede türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýan kitaplaryna öwrülen eserleriniň, many mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti, durmuşyň gözelligi, zeminiň abadançylygy, ýaşaýşyň giň mazmuny, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn ýaşaýyşyň ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-dogan gatnaşyklary, halallykdan sapak edinmek,ýagşylyk etmek ýaly türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, Watana wepalylygy, päk ahlaklylygy ýaly düşünjeleri rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen açylyp görkezilýän Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň ýaş nesiller üçin aýratyn gymmatly hazynadygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň waspyny goşgy setirleriniň üsti bilen ýetirilmegi, aýdym-sazly çykyşlar bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy.