Abiwerdiň kerwensaraýy


Abiwerdiň kerwensaraýy



Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran 510 karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alymlary, hünärmenleri meýdan barlaglarynyň ýazky möwsüminde arheologik işleri alyp bardylar.

Kaka etrabynda ýerleşýän orta asyr Abiwerd şäherinde arheologik gazuw-barlag işleri, onuň kerwensaraýynda hem dowam etdirildi. Abiwerdiň kerwensaraýy şäheriň çäginde, içki galadan 500 metre golaý günortada ýerleşýär. Onuň günorta-gündogar gorag diwaryna ýanaşyk gurulan birnäçe otagyň üsti açylýar. Olaryň diwarlary pagsadan we çig kerpiçlerden gurlupdyr. Üsti açylan otaglaryň 2-si ýaşaýyş otagy bolup hyzmat edipdir. Olardan başga-da bu ýerde aşhana we hammam otagy hem ýerleşipdir. Gazuw-barlag işleriniň dowamynda dürli görnüşli keramiki we kaşin tabaklaryň, şakäseleriň, çanaklaryň, bir gulply suwküýzeleriň, 2 gulply golçalaryň bölekleri, ýag çyralary, demir pyçak we beýleki arheologik tapyndylaryň toplumy ýüze çykaryldy.
Şu ýylyň ýazky möwsüminde Abiwerd galasynda alnyp barylan arheologik gazuw-barlag işleri barada has giňişleýin makala «Galkynyş» gazetiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky sanynyň 4-nji sahypasynda ýerleşdirilipdir.