«Türkmeniň buýsanjy beýik Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi


«Türkmeniň buýsanjy beýik Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Türkmeniň buýsanjy beýik Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar şahyr, şirin dilli söz ussady, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine uly sarpa goýulýandygy, onuň edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak işine döwletimiz tarapyndan ýokary derejede uly üns berilýändigi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň umman deýin ümmülmez edebi mirasy häzirki wagtda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde düýpli öwrenilýän edebi akyma öwrüldi. Bu bolsa akyldar şahyrymyzyň baý gymmatly, pelsepewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, parasatly pikirleriniň giňden wagyz edilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny ýer ýüzüne ýaýmakda beýik işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.