«Bagtyýar çagalaň bagtly geljeginiň Watanydyr, Bitaraplyk mekanym»


«Bagtyýar çagalaň bagtly geljeginiň Watanydyr, Bitaraplyk mekanym»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, 132-nji orta mekdebiniň ýanynda döredilen çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Bagtyýar çagalaň bagtly geljeginiň Watanydyr, Bitaraplyk mekanym» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu çäräniň dowamynda myhmanlar, mugallymlar hem-de kitaphana işgärleri Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi dogrusunda gyzykly gürrüňleri berdiler. Tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda dynç alýan körpejelerimiziň bagtyýarlyk döwrümizi wasp edip aýdan goşgulary has-da täsirli boldy. Türkmen halk ertekileri esasynda düzülen gysgajyk sahnalar çäräniň şowhunyny artdyrdy. Türkmen halk ertekilerinden gurnalan sergi çagalaryň ünsüni özüne çekdi.