«Bitarap ýurt gül-gülüstan, jennet mekan Türkmenistan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi


«Bitarap ýurt gül-gülüstan, jennet mekan Türkmenistan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitarap ýurt gül-gülüstan, jennet mekan Türkmenistan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen türkmen halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýanlygyny belläp geçdiler. Hut şonuň üçin hem, Hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedigini barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.