«Bitaraplyk ýolumyz — bagtyýardyr ilimiz» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi


«Bitaraplyk ýolumyz — bagtyýardyr ilimiz» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk ýolumyz — bagtyýardyr ilimiz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezidigi, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalýandygy, ilkinji bolup Hemişelik baky Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebe bolup göwnüňi ganatlandyrýan belent derejedigi, şeýlede Bitaraplyk diýen düşünje türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanşyklydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen eziz Diýarymyzyň goýnunda türkmen halkyny bagtyýarlykda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.