«Bu gün toý donuna beslenip Diýar, Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar» atly söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Bitaraplyk agzybir halkymyzy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasynyň kemala gelenligi, şeýle-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygy barada söhbet etdiler.