«Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Täze zaman medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk baýramynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ösüşdir özgerişlikleri, şanly wakalary bilen barha nurlanýan mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günden Halkara Bitaraplyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçer. Aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň barşynda asyrlaryň dowamynda parahatçylyk, hoşniýetlilik, goňşuçylyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrylýandygy, Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýylyň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýew Bitarap Watanymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgulary bilen giňişleýin çykyş etdi. Şeýle-de, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym sazlary ýaňlandy.