«Hemişelik Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi


«Hemişelik Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmen halky baky bagtdan paýyny tapan, Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyz biziň Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen, dabarasy soňlanmajak baýramlarymyzdygy barada öz ýürek buýsançlaryny giňişleýin beýan etdiler. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty, şol goşa-ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.