Döredijiligiň we jebisligiň baýramy


Döredijiligiň we jebisligiň baýramy



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Döredijiligiň we jebisligiň baýramy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginde hem ruhy baglanyşyk bar. Sebäbi halk arasynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat juda beýik. Magtymguly Pyragy diňe bir öz halkynyň şahyry bolman, eýsem, öz ajaýyp şygyrlary bilen adamzadyň pelsepewi pikirlerini ösdüren, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr diýip çärede çykyş edenler giňişleýin gürrüň berdiler. Çärede baýramçylyk mynasybetli sergi gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda sorag – jogap alşyldy. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.