«Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi


«Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylygyny şöhlelendirmek bilen türkmen halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir diýip giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkyny asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde eşretli durmuşda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.