«Bu gün dünýä çykýar Arkadag bilen türkmen medeniýeti, türkmen sungaty!»
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ilkinji Zenanlar guramasy bilen birlikde «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» mynasybetli «Bu gün dünýä çykýar Arkadag bilen türkmen medeniýeti, türkmen sungaty!» atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşan myhmanlar tanymal medeniýet we sungat işgärleri, ussat teatr artistleri, «Nesil» gazetinden, «Zenan kalby» žurnalyndan gelen şahyr zenanlar çäräniň dowamynda türkmen medeniýetiniň taryhy, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ösüşi barada gyzykly gürrüňler etdiler. Soňra şahyr zenanlar Watanymyzyň, gözel ýurdumyzyň waspyny edip öz döreden goşgularyny hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap berdiler. Dabaranyň çäklerinde «Medeniýet galkynýar Arkadag bilen!» ady bilen kitap sergisi hem guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, türkmen medeniýetine we sungatyna degişli kitaplar sergilendi.