Köneürgenç


Köneürgenç



Mongollardan öňki döwürde Gürgenç diýilip atlandyrylan Köneürgenç özüniň gülläp ösen döwründe (XI-XII as.) türkmenleriň Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolupdyr. Ilkinji mongollaryň çozuşyna , soňra 1388-nji ýylda Samarkantly hökümdar emir Teýmiriň ýykgynçylygyna sezewar bolan bu şäheriň çäklerinde ajaýyp arhitektura ýadygärlikleriň ençemesi hamala diýersiň “gudrat” bilen goralan ýaly abat saklanyp galypdyr. Olar 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütündünýä mirasy –sanawyna girizildi. Köneürgenç barada toplanyp hödürlenen maglumatlaryň örän täsirli we ynandyryjy bolmagy bütündünýa mirasy Geňeşiniň 20 agzasynyň ählisiniň ikirjiňlenmän, bir agyzdan ses bermegine sebäp boldy. Şu ýatda galyjy wakadan 20 ýyl ozal “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredilipdi. Şondan bäri Köneürgenjiň ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak, berkitmek, rejelemek boýunça yzygiderli işler alynyp barylýar. Goraghananyň işgärleriniň öz güýçleri bilen, syýahatçylar tarapyndan ylaýta-da köpçülikleýin barylyp görülýän , zyýarat edilýän aramgähler Nejim-et-din Kubra, Soltan Aly, Pirýaz Weli, Törebeg Hanym, horezmşalar Tekeşiň hem-de Il Arslanyň aramgähleri şonuň ýaly-da Seýit Ahmediň kümmeti, Gutlug Temuryň minarasy we Kerwensaraýyň derwezesi diýip atlandyrylýan ýadygärlikde berkidiş we rejeleýiş işleri geçirildi. Köneürgenjiň iň gadymy galasy bolan Kyrkmollanyň harabalary, minarasynyň bir bölegi saklanyp galan Al-Mamun juma metjidi berkidildi Ibn Najip medresesi dikeldildi.

Köneürgenjiň arhitektura ýadygärliklerinde Merkezi Aziýanyň binagärlik sungatynyň ähli öwüşginlerini we usullaryny, yslam binagärliginiň bezeg görnüşlerini görmek bolýar. Bu ýerde çig ýa-da bişen kerpiçden dikeldilen gurluşyklarda, köklerini gadymy çartaklardan alyp gaýdýan ýönekeý, bir otagly üsti gümmezli binalarda, kä halat-da uzak ösüş taryhyny başdan geçiren, birnäçe gezek bejerilen we üýtgedilip gurulan, çykşyrymly düzümli ymaratlar-da bar. Olarda gurluşyk konstruksiýalarynyň örän dürli-dürli görnüşlerini, gümmezleriniň seýrek düşýän nusgalaryny görmek bolýar. Köneürgenjiň ýadygärlikleri ymaratlaryň gümmeziniň iç ýüziniň daýanç esasynda ýelkenden “mukaznaş” diýilip atlandyrylýan has çylşyrymly görnüşine çenli ösüş ýolyny aýdyň görkezýär. Bu usulyň ýerli ussalar tarapyndan ýokary kämillik derejesine ýetirilendigi hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Galyberse-de, bu şäheriň iň saýlama ýadygärlikleri bezeg sungatynyň ýokary derejesine eýe bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Olar byrsydyrgyn reňkli ýalpyldap duran syrçaly kerpiçjikleriň esasynda nusgawy arapmusulman sungatynyň iň kämil nusgalaryny özünde jemleýär. Reňkleriň sazlaşygyndan emele gelýän täsin öwüşginleri we geometrik nagyşlarynyň emele getirýän ajaýyp şekilleri bilen olar Samarkandyň, Şirazyň, Hyradyň, Isfahanyň, Hywanyň döwürine degişli ajaýyp bezegli ýadygärlikleri bilen diňe bir bäsleşmän, eýsem olardan ýokarda durýar.