«Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly göçme kitap sergisi gurnaldy


«Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly göçme kitap sergisi gurnaldy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar Magtymguly Myragynyň ruhy päklige, ahlaklylyga, edeplilige, agzybirlige, halallyga çagyrýan goşgulary döwürdeşlerimiz we nesillerimiz üçin nesihat bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.