«Türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!» atly söhbetdeşlik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gün saýyn ösýändigini özgerýändigini, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň hem taryha altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolandygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen ýurdumyzyň milli mirasyny goramak, dikeltmek we olary ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek babatynda alnyp barylan birnäçe möhüm işleriň şu ýylyň dowamynda beren netijeleriniň buýsandyryjydygyny görmek bolýar. Şu ýylda milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren, asuda, parahat, bolelin durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.