«Gujagy ýeňişden doly, gadamy batly Täze ýyl!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry bilen bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Gujagy ýeňişden doly, gadamy batly Täze ýyl!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň üstünlikli jemlenip täze ýyly dabara bilen garyşlamak mynasybetli guralan dabarada çagalar özleri hakynda edilýän aladalara ýürek joşgunlaryny döwrümizi wasp edýän goşgudyr aýdymlar bilen beýan etdiler. Şeýle-de, bu ýerde ýerine ýetirlen aýdymlar baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi.
Dabara gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli guralan kitap sergisindäki ajaýyp kitaplar bilen tanyşdyryldy we çagalaryň dünýäsine degişli birnäçe ertekili, kitaplardan bölekler okalyp berildi.
Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi baradaky edilýän aladalar, olaryň ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly bolmaklary ugrundaky döredilýän uly mümkinçilikleri dogursynda giňişleýin gürrüň edildi.