«Magtymguly Pyragy we Türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly söhbetdeşlik geçirildi


«Magtymguly Pyragy we Türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly söhbetdeşlik geçirildi



Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we Türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň -milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, ol watançylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysy bolupdyr. Şeýle hem akyldar şahyryň adamzada ýadygär galdyran şygyrlar diwany, ýiti zehine, pähim-paýhasa eýelenen baý edebi-filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr, döwletleri baglanyşdyryp millionlarça ynsanyň aňyna we ruhy ahlak ýörelgelerine, ýüregine hem-de duýgularyna güýçli täsirini ýetirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Medeniýetimizi sungatymyzy dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkünçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.