Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmeçek nury
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmeçek nury» ady bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetinde göçme kitap sergi gurnady we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen şygryýetiniň gymmat bahaly baýlygydygy, häzirki wagtda bitewiligini, agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýanlygy, türkmeniň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täji bolup galan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň kalbynyň owazy bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi we tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.