Arkadag Serdarly bagtyýar ýurda hoş geldiň sen, Täze ýyl


Arkadag Serdarly bagtyýar ýurda hoş geldiň sen, Täze ýyl



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar ýurda hoş geldiň sen, Täze ýyl» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň okuwçylary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda beýik ösüşlere, şanly wakalara baý bolan 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň tamamlanmagy, täze arzuwlara, umytlara, belent maksatlara beslenjek täze 2024-nji ýyla gadam basylmagy mynasybetli ajaýyp şygyrlar, aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan sergi dabara gatnaşan çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dabara «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda halkymyzyň eşretli, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.