«Medeniýet -Milli baýlyklaryň altyn täji»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçalarynyň bilelikde gurnamagynda 88-nji orta mekdebiň ýanynda döredilen çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet -Milli baýlyklaryň altyn täji» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi taryhy waka bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde we olary halkymyzyň durmuşynda yz goýan şahsyýetleriň nusgalyk ykballary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýandygy, medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň gymmatlyklary halkymyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap hereket etmegine, döredijilikli zähmet çekmegine kuwwatly itergi berýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň artistleri özleriniň gurjak oýunlary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.