«Medeniýete ýol açdyň, sag bol eziz Arkadag»


«Medeniýete ýol açdyň, sag bol eziz Arkadag»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow we Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçalarynyň bilelikde gurnamagynda 133-nji orta mekdebiniň ýanynda döredilen çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýete ýol açdyň, sagbol eziz Arkadag» ady bilen edebi-sazly çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylýanlygy, gazanylýan üstünlikleriň jemgyýetiň sungata bolan gyzyklanmasynyň artmagynda, sungaty söýüji ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynda öz beýanyny tapýanlygy barada gürrüň berdiler we çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler. Soňra çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.