Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan işler


Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan işler



Hormatly Przeidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018–2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýaz möwsüminde ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag we berkidiş-rejeleýiş işleri alnyp baryldy.

Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda şu ýylyň ýazky möwsüminde arheologik gazuw barlag işleri dowam etdirildi. Abiwerdiň şähristanynyň çäginde gazuw-barlag işleri geçirilip, hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üsti açyldy. Hususan-da, ownuk küýze gaplaryny bişirmek üçin niýetlenilen, ýöriteleşdirilen iki gatly küreler (peçler) we onuň bilen baglanyşykly ussahana jaýlarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Üsti açylan bu arheologik tapyndylar Günorta Türkmenistanda, has takygy Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyna goşmaça anyk deliller bolup hyzmat edýär.

Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanyň Juma metjidiniň peştagyny (portal) rejelemek işleri tamamlandy. Geçirilen işleriň netijesinde ýadygärligiň 100 ýyl mundan ozal ýykylan ýokarky bassyrmaly bölegi saklanyp galan arhiw fotosuratlara esaslanyp türkmen hünärmenleri tarapyndan asyl nusgasynda dikeldildi. Şeýle-de Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Işleriň netijesinde bu orta asyr desganyň XIV asyryň ahyrlarynda ýumrulan diwarlarynyň ýüzi ajaýyp oýma nagyşly terrakota plitkalary bilen bezelen uly göwrümli bölekleriniň üsti açyldy. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri ýüze çykarylan terrakota bezeglerini seljermek we rejelemek işlerini alyp barýarlar.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň 2-nji tapgyry tamamlandy. Netijede ýadygärligiň içki howlusyny gurşaýan däliziň (galereýanyň) bir bölegi we oňa ýanaşyk gurlan otaglar rejelendi. Rejeleýiş işleriniň 3-nji tapgyrynyň çäginde bu meşhur kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafiki ýazgylaryň ylmy esasda dikeldip bolaýjak bölekleriniň rejelenmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda işler dowam etdirildi. Galanyň esasy derwezesiniň ýerleşýän ýerini anyklamak maksady bilen onuň töwereklerinde geçirilýän arheologik barlaglar derwezäniň iki gapdalyndaky diňleriň binýatlarynyň gurluş aýratynlyklaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.