Akyldar şahyr-beýik söz ussady


Akyldar şahyr-beýik söz ussady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşginiň bilelikde gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Medeniýet köşgünde «Akyldar şahyr-beýik söz ussady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren watançylyk, mertlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ahlaklyk ýaly dürli meseleler bilen bagly garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işleriň amala aşyrylýandygy, Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çärä bagyşlap sergi gurnaldy we sergä syn berildi.

Çäräniň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.