Söz ussady Magtymguly Pyragy


Söz ussady Magtymguly Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Söz ussady Magtymguly Pyragy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyryldy. Munuň şeýledigine Magtymgulynyň döredijiligi, şygyrlary dünýäniň göwher hazynasydygy, söz ussadynyň many-mazmuna baý çeper goşgulary adamzat jemgyýetini watansöýüjilige, agzybirlige, ruhybelentlige, mertlige, edermenlige, halallyga, adamkärçilige çagyrýanlygy barada hem-de Magtymguly atamyzyň adamzadyň ruhy päkligini has-da dabaralandyrýan goşgy setirleri, haýsy ýaşda okasaňam, özüňe bendi edýänligi, munuň özi ruhy gymmatlygyň kitaplara siňip, maddy gymmatlyga öwrülendiginiň nyşanydygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.