Magtymgulynyň döredijiligi – terbiýe mekdebi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen Döwlet Maliýe instituty bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgulynyň döredijiligi –terbiýe mekdebi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýandygy, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynda öz halkynyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak, söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk ýaly juda köp meseleleri liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk siňdirip, gelýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary hem ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.