Türkmeniň öçmez nurly ýyldyzy


Türkmeniň öçmez nurly ýyldyzy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň öçmez nurly ýyldyzy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlik Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ynsany bezeýän, onuň mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açylýandygy, onuň gowy gylyk-häsiýetleriniň, ahlak sypatlaryň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isleýändigi, bu bolsa ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhyny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülendigi, barada belläp geçdiler. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýanlygy, şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýändigi, onuň paýhas ummanynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuş meseleleri, ahlak we terbiýeçilik babatdaky öwüt ündewlere ýugrulandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.