Ýylyň ýazyjy - ýubilýarlary


Ýylyň ýazyjy - ýubilýarlary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýylyň ýazyjy- ýubilýarlary» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özleriniň ajaýyp şygyrlary bilen türkmen edebiýatynda uly yz galdyran Magtymguly Pyragynyň we ýylyň ýubilýar ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplaryndan ybarat bolan kitap sergisi gurnaldy. Sergide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen dilinde we daşary ýurt dillerde terjime edilen şygyrlar ýygyndysy, türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran ussat ýazyjy şahyrlarymyzyň kitaplarynyň we başga-da birnäçe görnükli ýylyň ýubilýar ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary ýerleşdirildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýylyň ýubilýar ýazyjy-şahyrlarynyň ajaýyp eserleri we ömri we döredijiligi barada okyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.