Arkadag hem Pyragy köňüller şamçyragy


Arkadag hem Pyragy köňüller şamçyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Arkadag hem Pyragy köňüller şamçyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan, nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutujy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlary wysal boldy. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň watançylygy hakynda söz açylanda bir hakykata aýratyn ünsi çekýär. Ol hem şahyryň şygyrlaryndaky watançylyk ruhynyň belentligi, mukaddesligi köpleri haýran galdyrýandygy, barada belläp geçdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen özbaşdak, agzybir döwletiniň bolmagyny isländigi, onuň ýagty geljegini arzuwlan şahyr Watan, il-ýurt bähbitli pikirleri bilen, özünden soňky nesillere uly yz galdyrýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.