Ýaşlary buýsandyran kitap
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji ýazan eseri «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de, bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berilýändigi, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, zehin mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý ajaýyp eseri ýaş nesillerimiz üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.