Zenan zeminiň zynaty


Zenan zeminiň zynaty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde «Zenan zeminiň zynaty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýulyp, zenan edebine aýratyn söýgi bilen garamak, olary mukaddesligi deňemek ýaly ajaýyp ýörelgeler belent derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda zenan mertebesi belentden tutulýandygyny, bagtly zenanlaryň ajaýyp zamanamyzda işlemäge, döretmäge, ähli mümkinçilikleriň döredilendigi hakynda gürrüň edilip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem türkmen gelin-gyzlarynyň ajaýyp gylyk-häsiýetleri, mähir-mylakatly keşpleri şahyrana dilde örän nepis beýan edilendigi hakynda gürrüň edildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.