Dana Pyragynyň döredijiliginde


Dana Pyragynyň döredijiliginde

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen «XX asyryň ýazyjylary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlar ýygyndylary ýerleşdirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.