El hünäri – nesillere milli terbiýe mekdebi
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde milli el işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen «El hünäri – nesillere milli terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz höwesjeň okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplarynda beýan edilýän zenan mertebesi, milli el hünärlerimiziň gadymylygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler. Türkmen milli el işleri esasynda gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi gaýtadan dikeldip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.