Adyň arşa galdy beýik Pyragy


Dana Pyragynyň döredijiliginde

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Adyň arşa galdy beýik Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde 2024-nji ýylyň «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrmakda, halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgesini dowam etdirmekde, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki edep-terbiýe bilen baglanyşykly garaýyşlar watançylyk duýgularyndan gözbaş alyp häzirki wagtda akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge we wagyz etmäge uly üns berilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.