PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ÝYLY: ÝAŞLAR BILEN DÖWREBAP ÖSÜŞLERE TARAP


PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ÝYLY: ÝAŞLAR BILEN DÖWREBAP ÖSÜŞLERE TARAP

Şeýle şygar bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäher prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilik zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserleri, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän beýik ahlak häsiýetleri, olaryň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Okuw mekdebiniň foýesinde Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanamyzyň göçme sergisi gurnaldy. Bu sergi bolsa, wagyz-nesihat çäresiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.