ADYŇ DILLERDE DESSAN, SÖZÜŇ MÜŇ DERDE DERMAN
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda talyp ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlap, «Adyň dillerde dessan, sözüň müň derde derman» ady bilen kitap sergisini gurnadylar we söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň ýaş nesillerde halallyk, ynsaplylyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, dogruçyllyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.