«TOÝDAN ÝETIRSIN» TÜRKMEN HALKYNYŇ TOÝ DÄP-DESSURLARY


«TOÝDAN ÝETIRSIN» TÜRKMEN HALKYNYŇ TOÝ DÄP-DESSURLARY

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Toýdan ýetirsin» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu eseriň «Myhmansöýerlik» atly bölüminde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän toý däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, myhmansöýerlik bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de bäbek, diş, galpak, sünnet, gelin toýlary, olaryň özüne mahsus bolan däp-dessurlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.