Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň buýsanjy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň buýsanjy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekiji bolup, ýaş nesilleriň edep-terbiýesinde uly ähmiýetiniň barlygy, şeýle-de söz ussady akyldar şahyrmyzyň döredijiliginde öňe süren watançylyk, mertlik, ynsanperwerlik ýaly dürli meseleler bilen bagly garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetine ýaýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz edip akyldar şahyryň birnäçe goşgulary çeper okaldy we şahyryň eserleri dürli dillerde terjime edilip halkymyzy, ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.