Ýaşlar röwşen geljegimizdir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyndan «Ýaşlar röwşen geljegimizdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň geljegi bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşandyndan söz açýan bu gymmatly eser ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljeginde, şöhratly ösüşlerinde ýaşlara uly ynam bildirilýändigi barada gürrüň berildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.