Magtymgulynyň şygyrlarynda millilik


Magtymgulynyň şygyrlarynda millilik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgulynyň şygyrlarynda millilik» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanýan günlerinde şahyryň özboluşly, pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasynyň umumadamzat bähbidine gönükdirilendiginiň ýene bir ýola şaýady bolýarys. Bu bolsa akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasy dünýä halklarynyň genji-hazynasyna öwrüldigini nygtap geçdiler. Şeýle-de şahyryň beýikligi onuň poeziýasynda öz beýanyny tapýanlygy, onuň söz ussady hem durmuş hakykadyna ýugrulan goşgulary halkymyzyň ruhuny bütin çuňlugy bilen açyp görkezýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.