Bal süýji baldan-da bala


Bal süýji baldan-da bala

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bagy bilen bilelikde gurnamagynda «Bal süýji baldan-da bala» atly ertirlik geçirildi.Bu ertirlikde çagalar bagyndaky körpelere halk döredijiliginiň görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekileriniň ähmiýeti, ertekileriň çagalar üçin has-da täsirli bolýanlygy, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä, ertekili kitaplary okap bermekligiň täsirli bolup durýandygy, şol kitaplaryň ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy bellenilip geçildi.